06:29 Dostlaryma | |
Ýitmesin dostlarym, ýaşasyn olar... Adamlar berk tutsa döwrüň talabyn, Azap, hyzmat, peýda, pul üçin däl-de Dostluk üçin berer ýaly salamym. Ýitmesin dostlarym, ýaşasyn olar... Üstünlik egnime gonan mahaly, Diňe iş düşüp däl, saglygmy sorap, "Gum basan" gapymy kakarlar ýaly. Ýitmesin dostlarym, ýaşasyn olar... Bir gün belentlikden aşak düşäýsem, Töhmetden, ýalandan, gybatdan gorap, Arkama urulsyn pyçak däl-de el. Ömür gysga, emma uzakdyr bu ýol, Ýazgydymda şat gün, kyn günem bolar. Şatlygym, hasratym deň çeker ýaly Ýitmesin dostlarym, ýaşasyn olar! Maksat SEÝITLIÝEW. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
