13:48 Men durmuşdan uzak ömür dilämok... | |
Men durmuşdan uzak ömür dilämok, Sepleşen ýyllardan gözlämok many. Şu gün bir dostumyň başyny gorap, Erte bu dünýäden gitmäge razy. Aslynda, bu ömrüň manysy näme? Goýan maksadyňa baryp ýetmekmi? Ýa assa ädimläp, birek-biregi Ses edip, tabytda alyp gitmekmi? Ýok, ömrüň manysy düşünerden kyn, Bir kada kime çyn, kim üçin galat. Onda ulumsylyk etmişe ýakyn, Ejizlemek bolsa uly jenaýat. Diýmek bu dünýäde ejiz adam ýok, Ynsan başy ýokardadyr eginden. Durmuşda agsamak - ejizlemek däl, Durmuşda käýarym agsaýar merdem. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
