17:32 Zyňylan daşlar | |
Men durmuşdan örän köp zat öwrendim, Bildim bu synaglaň ezýet berjegin: Bu gün duşmanyma çenän daşymyň Erte öz dostumdan maňa degjegin. Özüm deý-deňlere egnimi söýäp, Özümden peslere golum uzatdym. Näçe kyn bolsa-da käbir kişileň Minnetini çeýnäp-çeýäp ýuwutdym. Emma her zyňylan daşyň öňünden Asla sowulmadym gorkup-ejizläp. ...Indem ýaşap ýörün, şol degen daşlaň Goýan yzlaryny synamda gizläp. Maksat SEÝITLIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
