16:52 Harby gullukdan soň ilkinji goşgy | |
Könelen ýüzüniň perdesin çekip, Döwür diýilýän zat üýtgeýär, bilýän. Ýöne ''täze dünýäň '' pidasy edip, Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Dünýäde her derde müň sany em bar, Emma derman barmy mähri deý enäň? Näçe ynjytsaňam ýaş dilär, emma Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Hawa, wagt geçipdir, bolupsyň ata, Ýaşlyk edeniňe indi düşünýäň. Ýatlamada däl-de ol heniz barka Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Ýogsam bir gün öpüp bir tümmek gumy, Mazaryň daşyna degirip kelläň, Ökünç, gözýaş bilen aýdarsyň şuny: ''Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!'' Maksat SEÝITLIÝEW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
