15:21 Dagdan agajy | |
Dagdan böwsüp çykmyş dagyň göwsünden, Çynar ýaly boýy beýik däl onuň. Bolmasa-da çynar ýaly saýasy, Ol goraýar mydam kyn düşen günüň. Dagdan sözi dag sözünden megerem, Ol dag ýaly sarsmaz, dag ýaly syrdam. Ösýär ol daglara urup köküni, Gözläp tapmarsyňyz çöllerden, gyrdan. Gyz-gelinler dakýar muny boýnuna, Çünki göz degmezmiş ony dakana. Gyssanýan her gezek daga baramda, (Bir wagtlar daga ylgap çykan-a!) Oglan döwrüm gören dagdanym hany? Ol henizem bezäp otyr gaýany. Tomsuň tüp yssysy, gyşyň aňzagy, Tär etmändir, misli dünýäň beýany. Bilýän ýene bir asyrdan gelseň-de, Dagdan garry eneň kimin garşylar. Ýaman gözden goraýandyr elmydam, Boýun muňa daýhan, alym hem şalar. Taňrym şeýdip ýaradanmyş dagdany, Dagdan tebigatyň seýrek magdany... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |

