23:01 Daýhanyň guwanjy | |
Al-asmanda gaýyp ýören guşlaryň Ýere düşýän kölgesinde saýalap, Daýhan kişi dowam edýär işini, Haşal otlaň tohum-tijin "zaýalap". Ýere damyp duran alyn derinden, Goşant goşýar bol hasylyň suwuna. Ekinçilik sagat-saýyn boý alýar, Burgy berip murtlarynyň towuna. Daýhanyň zähmeti, aýdaly zamça, Reňkin saraldyp, ysyn kükedýär. Töweregi gaplap alýan hoşroý ys, Özi bilen işdäleri dok edýär. Säginip, syn edýär zähmet aşygy, Gök öwüsýän peller üste küýlenip. Piliň dessesinde yzyn goýupdyr, Gabarçakly eller dere eýlenip. Elbetde, her zada yhlas gerekdir, Onuň goldawy kän düşeňde yşka. Her goltugňa bir gawuny göterip, Giçläp öýe gaýtmaň lezzeti başka. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
