|
DEŇIZ GUŞUM (Aýdym) Deňiz guşum, deňiz guşum, Aýt, nireden geldiň çöle? Azaşdyňmy, çarlak guşum, Ýör, gideýli biziň ile. Ýör, gideýli Hazar ile, Seýil edeýli biziň ile. Hanha barýar akja ýelken, Howalanýar goja Balkan. Şagadamda tutup mekan, Owaz eýle çarlak guşum. Şatlanaýly ördek-guwa, Aýlanaýly Gyzylsuwa. Guwanaýly tämiz howa, Ýaýna mydam deňiz guşum. Bahry-Hazar galkynanda, Oýna deňiz tolkunynda. Awazanyň alkymynda Owazyň eşdilsin guşum. Owazyň eşdilsin guşum, Guba gazym-deňiz guşum. 9.02-21.03.1991
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 645 |
Добавил: Allaýar
| Теги:
| Рейтинг: 4.2/4 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|

0
1
Perо
(04.01.2022 07:58)
1082
Iñ halaýan aýdymlarymyñ biri. Sözem, sazam ýerine düşüpdir. Allaýar aga janyñyz sag bolsun! Şeýle eserleriñiziñ höwri köp bolsun! Sazy kimiñkikä?
|

0
Şu aýdymy diňlesem ýa hiňlensem , edil deňzi gören ýaly bolup gidýän, şeýle aýdymlaň höwri köp bolsun! Allaýar aga, ömrüňiz uzak bolsun!
|

0
Ýürege ýakyn, aňymyza siňen, owadan owazly aýdym bu. Sag boluň!
|
|
|
|