06:50 Deñiz oýlanmasy | |
|
Suwuň aşagynda ýatyr niçeme, Niçeme, niçeme adam jesedi. Ýok sany-sajagy gark bolanlaryň, Gadym döwrüň pilmahmydy, esedi... Kim bilipdir gark bolanyň sanyny, Deňiz tolkunlary gözýaşdyr meger. Niçe heňňam ötüripsiň başyňdan, Deňiz saňa ömür başym egerem. Deňiz düýbi gonamçylyk durşuna, Suw perisi aglaýandyr muň üçin. Kelleçanagyndan suw içen balyk, Akula, kit bolup deňizi guçýar. Serkerdeler, gullar, baýlar... barysy, Merd-u – namart ýatyr deňiz astynda. Jan beren bar dänesine merjeniň, Gezeni kän bir-biregiň kastynda. Kenarda ýalaňaç ýatanlarmyzyň Serinde däl gark bolanyň ünjüsi. Gark bolanlar bilen ýatyr deňizde Dür dänesi, merjen, göwher hünjüsi. 17.10.2020. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
