22:27 Dörtlemeler | |
|
Gör, nije ýükleri göterer egin, Ýürekde düwüler, gör nije düwün. Egin ýüke görä döredilipdir, Erkiňe göräde döräpdir göwün. ***** Men nobat belläpdim, nobatym ýitdi. Şum ykbal ýenede keçjallyk etdi. Meň tabydym götermeli ýigitler, Maňa öz tabydyn göterdip gitdi. ***** Ýüküm ýetik, egnimde ýer galmady. Umytdadym, arman tamam bolmady. Mätäç bolup, ser aýladym daşyma, Emma bir dosta-da gözüm ilmedi. ***** Juwanlyk döwründe ýaşan çagymyz, Wagtyň gadyryny bilmändiris biz. Wagt geçýär diýip pikir edýärdik, Asyl geçip barýas eken özümiz. ***** Goltugymdan galdyr, egnimden basma, Göwnüme giňlik sal, döşümi gysma. Towluragam bolsa ömür tanapy, Gysgaltma sen ony, ortadan kesme. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
