00:33 Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine | |
Düşege baglanan dostum jaň edip, Diýdi bir gün: - Sag bol, barlygyň üçin. Hem diýipdi: - Iç dökmäge adam ýok, Dostlar bir-birege döküpdi için. Bakylyk ýok, bir gün göç eýlän dostuň Sesine zar indi, küýsäp jaňyny. Durna kimin gözden gaýyp bolanyň, Ýatlap atyrýarsyň her gün daňyny. Garragan çagyňda dostdan aýrylyp, Egniň gysyk, ýetim çaga mysaly. Iç dökmäge geldim dost mazaryna, Oýa batyp otyryn men hasaly... 24-27.05.2024. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
