23:39 Döwük galam | |
Galamy hemişe döwük şahyryň, Goşgularam şonça sowuk ahyryn. Sowuk sözler ýylatmaýar ýüregi, (Ýada sal elmydam suwly elegi, Ýa-da suwsuz çelegi). Ütülen guş—ýok ganaty, ýelegi, Döwük galam bilen ýazylan namaň, Ýok aýagy, Ýok gulagy, Bilegi... Bar togsan dokuz ýüzi, Bar dönüp duran sözi. Döwük galam bilen ýazylan namaň, Ýuwandyr tagam-duzy. Örülendir gatbar-gat, Arktika – doňak buzy. Döwük galam bilen ýazlan namany, Okap, diýdi biri: – Ýok munda many. Hem görüp şahyryň döwük galamyn, Ýadyma saldym men, Goňşymyzyň beren sowuk salamyn. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |

