22:51 Dünýä hakda | |
Dünýä gözellikden doly, Doly dawa-jenjelden. Hem gohdan, hem zenzelden. Dünýä doly men-menden. Adam ýaly garrap barýar gün-günden. Köp dünýäniň hamelony, Demony, Şeýtan süýdün emeni. Diýsem ýalňyş bolmaz eger, Geldi şeýtan zamany. Dünýä bulam-bujar, Hem wajyr-wujur. Ýalbardym Hudaýa: - Berewer gujur! Adam içre adamlaryň alasy, Däli-diwanasy – şeýtan balasy. Tükeniksiz garyp-gasar nalasy. Il kölesi - Bolsa iliň töresi, Bolmaz munuň çäresi. Aýtsam älem lolusy - Kime hesret, Kime eşret, Gepiň külesi... 22.11.2023. Allaýar ÇÜRIÝEW. Surat: Döwran HYDYR / "Tükeniksiz pelsepe" | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
