18:37 Dürli-dümen dürüşde | |
|
Ýüküm ýetik, egnimde ýer galmady. Umytdadym, arman tamam bolmady. Mätäç bolup, ser aýladym daşyma, Emma bir dosta-da gözüm ilmedi. * * * Men nobat belläpdim, nobatym ýitdi. Şum ykbal ýenede keçjallyk etdi. Meň tabydym götermeli ýigitler, Maňa öz tabydyn göterdip gitdi. * * * Gör niçe ýükleri göterer egin, Ýürekde düwüler, gör nije düwün. Egin ýüke görä döredilipdir, Erkiňe göräde döräpdir göwün. * * * Juwanlyk döwründe ýaşan çagymyz, Wagtyň gadyryny bilmändiris biz. Wagt geçýär diýip pikir edýärdik, Asyl geçip barýas eken özümiz. * * * Goltugymdan galdyr, egnimden basma, Göwnüme giňlik sal, döşümi gysma. Towluragam bolsa ömür tanapy, Gysgaltma sen ony, ortadan kesme. * * * Sagady ýigrenýän, ýigrenýän çenden. Ol wagty äkidýär uzaga menden. Sanap otyr geçenimi, geljegmi, Ömrümi azaldyp, ol günbe-günden. * * * Geçdi gitdi, geçdi gitdi bu pursat, Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak. Durmuşyň gyzygy bormydy heýde, Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak. * * * Gözel, gözleriňde niçik jady bar? Olar görejime bakýar naýynjar. Wagt aramyzdan akýar derýa deý, Senä bir kenary, men hem bir kenar. * * * Bir öýde toý, bir öýde ýas. Käte gülýäs, kä aglaýas. Ýüregmiz ýanyp dursada, Il ýüzüne gülen bolýas. * * * Söz ummany, seniň kenarňa baryp, Saňa tagzym etsem, baş egip durup. Suwuňdan içsemde men gana-gana. Arman, kalbym söze garypdyr, garyp. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
