21:29 Durmuş deňzinde | |
|
...Men durmuş deňzinde… Ýüzüp barýaryn, Ýüki ýetik bu gün ömür salymyň. Howatyr edýärin, onuň agramna, Bir ýerlerde agyp gitjek ýaly men… Durmuş dolup-daşýar… Iki ýan çaýkap, Ahmal bolsaň, ýitirjek ol deregňi. Bolmaýar, otursaň başyňy ýaýkap— Aldygyna işletmeseň küregňi. Deňizde… Bolmaly däl eken ýöwsel, Gaý-tupandan gorkmaly däl ekeni. …Bu gün meniň bilen ugurdaş owsen, Şemal ynam bolup dolýar ýelkene! Dumly-duşuň… Galagopluk durşuna— Gomlar howuň basjak bolup sürünýär. …Ýöne, maňa göreşsiz bu durmuşam, Nämüçindir, ýürekgysgynç görünýär… Ýüzüp barýan… Bakman derdi-azara, Ömürde—ölümden özgesi hiçdir! Belki, öldürmeýän zatlaryň bary, Bizi bu durmuşda edýändir güýçli?! Durmuş! Ur ýüküňi maňa gatla-da, Mas ýükle! Salmasaň bolýar allary! …Deňiz tolkunlary, harasatlary, Aňsat agdarýandyr ýüksüz sallary… Annamuhammet KIRŞEN. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
