20:10 Eý, dostum | |
Gardaş, goý, darykma, gaty gysylma, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Bu dünýäni alyp bolmaz gysymňa, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Gyýylýarys käbir işi oňarman, Uýalýarys käbir işi oňarman... Ýeri bolýar, zyýany ýok owarram, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Ýok, gerek däl indi abyr-zabyr-da, Munuň üçin bolmarys biz ýagyr-da, Bu durmuşyň sahawaty sabyrdyr, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Bilmerismi tapyp hemmäň, heý, ugrun, Bolmazmy ýekeläp hemmäň, heý, ugun. Sabry gerek bize bu gün Eýýubyň, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Wajyp bize ynam, hem halal iýmek, Arassa ýaşamak, päkize geýmek, “Sabyr” diýmek, dostum, “kanagat” diýmek, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Oglan-oglanjyk däl, kim diýsin“Howluk...” Tudanamyz birçak gidipdir sowlup... Şükrana şahyryň niýeti gowluk, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Annamuhammet Kirşen. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||
