12:45 Geçenler-geçdi, gardaşym... | |
Şahyr dostum Gurbandurdy Orazowa Bu bazarda söwda gyzdy. Kimler alar, kimse satar, Göwün islän harytlaryň düzüm-düzüm, hatar-hatar... “Tanyş… Dost… Soraýsam nesýe?”. Gardaş, bu pikiri taşla, Sen nirede gezip ýörsüň? Bu ýeriň düzgüni başga! Ymtylma. Gözüňi dikme. Öz nebsiňe sak bol örän, Munda ýeňil gopulýandyr, kisäň agramyna görä... Şowhun. Jedel. Başagaýlyk. Her kim öz bähbidin arar, Bu görnüşde durmuş bilen özboluşly meňzeşlik bar. Uzakly gün ygyp-selpäp, aýaklarmyz agyr basýar, Häzir diňe bir köwşüm däl, meň-ä ýüregimem gysýar... “Gol bulaýlap” çagyryp dur çaýhanaň tanyş tüssesi, Çaýlaşaly, egser öýtseň, çaý bu göwünleň gussasyn. Ýeri, bolýar, unudaly dünýäň gohuny-ahyny, Ýa ýeser söwdagär ýaly, peýläli „bazar” ahyryn. Wah, biz munam oňarmarys, bu ýaşdan soň, alyp-satyp, Töwekgellik ötdi bizden. Galaýmaly bergä batyp! Otur. Oýlan. Böwrüň diňle — bu ýollaryň öwrüminde, Bilseň, biziň bar baýlygymyz — galagoply ömrümizdir... Ynha, böldürdik ellini... Öňde altmyş, ýetmiş, segsen... Bu ne sahy söwda boldy? Bu jomartlyk dälmi, eýsem? Ýollar näçe azaldykça, köpelýändir, bergiň-borjuň, Ömür örňäp, galňadykça ýukalýandyr golda „harjyň”. Eh, bimany geçen günler... Jany gynap oturmaly, Näme? Nirde? Näçe? Haçan? Bir-bir sanap oturmaly… Bize derek, gardaş, diň sal, bozup häli ümsümligi, Öz hasabyn ýöredýändir gursagmyzyň gürsüldisi... | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
