12:34 Durmuş otlusy | |
|
Otly barýar bir sydyrgyn gyrmyldap, Iki sany demir ýola sygynyp. Gidip barýar öň bellenen ýol bilen, Käte-käte menzillerde säginip. Dürli-dürli wagony bar otlynyň, Umumy wagon bar,aramlygy bar. Birisi ýük üçin tirkelen bolsa, Birisi rahat, giňiş, ygtybar. Öýjüklerden doly, wagonlaň içi. Her kimiň öz ýeri orunlary bar, Ýöne, nätjek, köpçülikde bolýan zat, Ornun tapman gözläp ýörenleri bar. Wagonlaryň içi adamdan doly, Aýal, oglan-uşak, garrydyr ýaşdan. Elleri boş gidip barýan bar, ýüksüz, Birniň egnine çen dolupdyr goşdan. Menzilleňem atlary bar üýtgeşik, Birisi ”çagalyk”, birisi ”ýaşlyk”. Birisi “juwanlyk”, biri “ýigitlik”, Birisi “gam-gussa” ýa “göwnühoşluk”. Her menzilde säginende, otlymyz, Onda baky düşüp galýanlary bar. Oň tersine, otla tarap at salyp, Münjek bolup, ylgap gelýänleri bar. Ol otlynyň ady “durmuş otlysy”, Otly diýseň, otly eken bu durmuş. Ýolbeletleň aýdýan gürrüňne görä, Her kimiň düşmeli menzili barmyş. Otly indi haýsy menzilde durjak? Köp durjakmy, az durjakmy belli däl. Menziller, süýnüşip, yzda galsada. Entek, öňümizde ýatyr uzak ýol. Otly gidip barýar, durmuş otlysy, Iki sany polat ýoluň üstünde. Ýollaň biri bagt adyny göterse, Beýlekisi betbagtlyk isminde. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|
| |
