09:01 Dykma serdar | |
Güne ýatyp alan däldir, Serdar adyny Dykma. Ne sagyna, ne soluna, Bolanam däldir bakna. Betpällere başa inen apatdy, Türkmen ýüregi bilen, Dünýä ony tanapdy. Niçe-niçe janlar geçdi gylyçdan, Hyň berýärdi gul bazary Gyzylbaşdan, buluçdan... At sesiniň dükürdisi, Gylyçlaryň şakyrdysy, Ýüzi ak tam Horasan, Howsalada Horasan, Perişandy garasaň... Süri-süri dowar, gyrnak... Doldy gadym Ahala. Türkmen ozalam az däl, Ýaýrap gitdi jahana. Türkmene namart diýmäge, Ýokdy munda bahana... Isleseň - islemeseň, Şeýledi o döwürler. Şeýdip atyň üstünde , Ötüp gitdi ömürler. Talaň üstüne talaň, Yzy üzülenok ahy-zar, nalaň. Alaman üstüne alaman, Eý, aman, aman, Bu niçik zaman.. Jigerbendim Gökdepe, Onuň synan mahaly, Serdar gideripdi elden Ahaly. Çagalykdan gözýaş dökmedik serdar, Şol gün matam bilen boldy byradar. Indi täze ýurt eýesi ýanaral, Ismi onuň Kuropatkin, (Munuň bilen ylalaşmak gaty kyn!). Mertlik diýip, hormat eýledi beýan. Kysmaty bu merdi merdan Dykmanyň, Gadyr bilseň, hormat-gadyr – hökmanyň! Bolmasa-da Hüňkar, Leke deňinde, Dykma baş egmändir şanyň öňünde. Il-günüň öňünde başyn egendir, Iline degeniň başyn elendir. Ine, Dykma serdar şeýle ýaşapdyr, Sagdan, soldan ile olja daşapdyr. Bu şol döwürlerden galan hakykat, Bu ýowuz ahwalat, Döwür üçin hasapdy, Ömür üçin hasapdy, Dykma welin betpygyla gazapdy!.. 13 - 14.09.2021. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||
