22:03 Elegiýa | |
Biwagt aradan çykan inim (inimiñ ýeke ogly) Öwezmyradyñ ýagty ýadygärligine "Agam jan, otyrmyñ" diýip gelerdiñ, Inim, janym inim, Öwezmyradym. Iki elläp görüşüp elim alardyñ, Inim, janym inim, Öwezmyradym. Hemra edip agyr derdiñ sulbasyn, Kän islediñ sagdynlygyñ urbasyn. Togtatdy ýüregiñ urup-durmasyn, Inim, janym inim, Öwezmyradym. Ýigrim dokguz ýaşdan ätläp otuza, Ugran çagyñ derdiñ döndi guduza. Meñzediñ ekini guran atyza, Inim, janym inim, Öwezmyradym. Ahmyrly ýaşadyñ derde baglanyp, Miýesser gelmedi ýörmek çaglanyp, Ömrüñ köýdi gam oduna daglanyp, Inim, janym inim, Öwezmyradym. Naçar doganlaryñ ýaşy diñmedi, Üçisi hem gije-gündiz iñledi, Eneñ-atañ rahatlyga siñmedi, Inim, janym inim, Öwezmyradym. Agañ Gara Ýolly döküp ýaşyny, Şu goşgyny ýazdy egip başyny, Tapmadyñ panyda göwün hoşuñy, Inim, janym inim, Öwezmyradym. 17-awg, 2018 Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
