13:05 Ene hakda söz | |
Dünýäde eneden mukaddes zat ýok, Bar zadyñ gözbaşy enedir ene. Nirä gitselerem gerçek ogullar, Hökman enesine dolanar ýene. Enäniñ gözleri: Aý bilen Gûüdir, Aý, Günden nur alýar bu asman zemin. Enäniñ sözleri baş keramatdyr, Ýola çyksañ ýanyña al duz kimin. Jahandaky hiç zat bilen deñemen, Öz enemiñ ýüzüm sypan aýasyn. Sala bilmez asla bagy eremler, Enemiziñ bize salan saýasyn. • ENELER Enäniñ çagasy - Dünýäñ çagasy. Ene bir öz çagam - diÿip gam iýmez. Bir ýerden eşdilse çagañ nalasy, Hiç ene: - maña ol, keseki - diýmez. Ene bu zatlaryñ ýetip dadyna, Çaganyñ kalbyndan hasraty kowar. Çoýa- çoýa ýüreklerniñ oduna, Dili bilen ýalap, Gözýaşyn ýuwar. Adam bolsañ, Eneler dek ýetiş sen, Bir kişini hasrat bassa haçan- da. Dawa ýok seniñki- meniñki diýen, Çekişme bar, Bu azaply jahanda. Kakabaý YLÝASOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
