15:53 Eneme | |
Aglap-eňräp, uly dünýä gelemde, Ene mähri bilen diňdirdiň meni. Dilsizdim, derdimi gözümden aňlap, Halal ak süýt bilen emdirdiň meni. Ine, indi başym aman, janym sag, Uzadan ýerime ýetip dur elim. Ýöne şol gazanan ýüz müň zadymyň Togsan dokuz müňün sen berdiň, enem! Ak gar büräninde ýeriň ýüzüni, Çapgyn şemal eger doňdursa tenim, Derdimiň dermanyn daşdan gözlemen, Derdimiň dermany-seň mähriň, enem. Ýazda ýaz şemaly öwsüp bir ýana, Ykjatsa al başly güläleklerin, Ýaz ýaza meňzemez, gül bolsa güle, Gelmese olara seň rehmiň, enem. Uzak menzillere gadam basamda Kalbymda öçmejek dileg bar, enem: Goý, sen-ä uýansyz ata atlanma, Şol atyň aýagy bolmaýyn menem! 24.12.2017. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
