22:46 Erkek diýip bolarmy? | |
|
Hiç maksatsyz gülýäne, Mydam şeýdip bilýäne, - Erkek diýip bolarmy? Çyn aşyk bolmadyga, Bir posa almadyga, - Erkek diýip bolarmy? Hemmä "gülüm" diýýäne, Günde birin söýýäne, - Erkek diýip bolarmy? Üstünde jan gerene, Soñra satsa görene, - Erkek diýip bolarmy? Saçak başyna geçip, Bilmese biraz içip, - Erkek diýip bolarmy? Märekäñ köp ýerinde, Içmek bolsa serinde, - Erkek diýip bolarmy? Uzak ömri ýolda bolsa, Öz didaryn gözden salsa, - Erkek diýip bolarmy? Kim gahardan dolup-daşyp, Ile degse hetden aşyp, - Erkek diýip bolarmy? Ýürekden söz berene, Sözün gaýdyp alana, - Erkek diýip bolarmy? Resul GAMZATOW. Rusçadan terjime eden: Baýramjan GURBANMUHAMMEDOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
