16:51 Rus dostuma | |
Dessan aýdyp biljek özüm hakynda Beren azabyndan aýylganç gyşlañ. Galamyñ däl, göreşlerde topraga Ýazan dessany ol ýiti gylyçlañ. Ýanyp duran öýler, agy hasratlar Çaga mañlaýyma ir düşen gasyn. Duşman atlarynyñ daş toýnaklary Ýazypdylar onuñ her sahypasyn. Aýdyp berer bu aýylganç dessany Has rattan gapylyp galan garaklar. Atam maña miras diýip ýer goýdy, Gelip ony otlapdylar araplar. Sallançakda ýatan wagtym jägildäp, Ganym sordy sülükleri Eýranyñ. Telim gezek turjak bolup ýykyldym, Bolmady bir goltgy beren ýaranym. Erkim üçin ondan oña urundym Giñ jülgeler gabyr ýaly dar bolup. Leşger çekip gelipdiler türklerem, Gelmändiler ýöne howandar bolup. Biziñ dagymyza geldi iñlisler, Gördüm ýowuñ gedeminden gedemin. Halas edip biljek däldi olardan Otly gyljym bilen ýyndam bedewim. Olar meniñ gurşap aldy daşymy, Soýjakdylar soýulyşy deý soganyñ. Sen ýetişip, halas etdiñ sen meni Eý meniñ rus dostum, rus doganym! Garşy durup bilýän bolsam men bu gün Duşmanlaryñ mekir pygyllaryna. Beýik rus halky, men munuñ üçin, Minnetdar gaýduwsyz ogullaryña. Sen göterip, sen sorapdyñ soldatyñ Gan akanda çekgesinden syrygyp. Her halkyñ ýüregi bir ýyldyzda öñ, Äpet bir Gün boldy olar birigip, Zähmetde halypa, söweşde serdar, Beýik lukmanym sen agyrsa başym. Sag bol şonuñ üçin, hemişe sag bol, Meniñ rus dostum, rus gardaşym! Rasul GAMZATOW. Terjime eden: Mämmet SEÝIDOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |