17:23 Kesel hakda goşgy | |
|
Janlary tut ýaly sagat kişiler Ölümiň bardygyn salanok ýada. Olaryň göwnüne hemmeler gurat Gülüp-oýnap ýaşap ýörler dünýäde. Men kän içdim dürli däri-dermany, Durmuşa-da başgarajyk seredýän. Dertden halas adam ýok bolsa gerek Diýip mahal-mahal Men pikir edýän. Ejir çekýänleri derrew tanaýan. Dertden saplamaga ýok ýöne emim. Skalpeli däl-de, diňe galamy Tutmaklyga endik edipdir elim. Meni başga bir zat iňkise goýýar, Ony-da aç-açan aýtmaga taýyn Bejerip bolmajak kesele Adam, Sezewar etmese ýagşy – Ynsabyn. Elden gidip barýan bolmasa ýagşy Adamlaryň parasady, pähimi. Gögermedik bolsa ýagşy ýürekde Men-menligiň, görüpligiň tohumy. Sagatlygyň ýene-de bir nyşany – Saýgarmaly halal bilen haramy, Zamanamyz – Ten ýarasyn bejerer Eger ýeňip bilsek ruhy ýarany. Resul GAMZATOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
