14:58 Erteki küýsedim garran çagymda... | |
Ene jan, erteki aýdyp bersene, Ertekide möjek bolsun, döw bolsun. Uçýan haly, ýetim oglan, ýetim gyz, Hudaýberdi gorkak, kow-ha-kow bolsun. Garny çişik baýyň lellim oglunyň Üstünden ýene-de gülmek güleýin. Batyr Mämmetjanyň yzyna düşüp, Menem şonuň ýaly batyr bolaýyn. Garry enem bilen gürleşip sähel, Ýene-de men çagalygma dolandym. Hyýalymda enem bilen bileje, Ertekiler dünýäsine şaýlandym.. • "GELMIŞEM DÜNÝÄ SEÝLINE...“ Gelmişem dünýä seýline, Gurulmyşdyr ömür tagtym. Näme bolanyny gördüň, Orta ýolda ýatsa bagtyň?! Aýt, oglan, kim bilipdir, Dünýäniň soňsuz syryny? Kim ýasapdyr başda onuň Ýyldyzdan nurbat, hyryny? Kyblama ynanyşym deý, Ynanyp gezdim Pyraga. Ganat berendir ol maňa, Hyýalda mündüm Byraga. Nadanlaryň pis işinden Kim çekmedi jebri-jepa? Derdimi asan eýlemiş, Ussadym berendir şypa. Ynsabym atam ynsaby, Haýyr işden tapdym sogap. Haýyr-sogap dünýäsinde, Ýagşylara etdim togap. • GOŞGY ÝAZDYM... Ýazdym bir giden goşgyny, Gözümi çirk etmän geçirdim gije. Ýazdym, pozdum, ýazdym, pozdum... Okap görüp, ýyrtyp, okladym peje. Ýazdym men bu gije ýene bir goşgy, Ýazyp-pozup, ýazyp, ýene okadym. Ýyrtrp-ýyrtyp peje zyňdym ýene-de, Her gün daňdan tüsse bolup tütedim... • BILDIM "Ilim!“ diýip, janyn beren, Damarda al ganyn beren. Gara ýere ýanyn beren, Göroglyny ýeke bildim. Towşana dogduk depedir, Depe özüne çekedir. Dost saga, duşman çepedir, Iner ýükün çekebildiň. Saklap daýhan sarpasyny, Ekdim bugdaý, arpasyny. Tebigatyň zarbasyny Ýaýdan çykan oka bildim. Görüp Karun azanyny, Küýsedim al-Gazalyny. Haramylar gazanyny, Ahyrzaman gülki bildim. Geçse geçsin ömrüň ýazy, Ykbalymdan boldum razy, Kalbymdaky aýdym-sazy, Öz ilimiň görki bildim. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |