17:12 Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama | |
Eýtdik-beýtdik ahyr aýrylyşdyk biz, Öçürdik irizen ody birigip. Eý, rakybym, sizem wagt barka heniz, Öwreniň çyndan söýmegi birini... Anna Ahmatowa, “Eýtdik-beýtdik ahyr aýrylyşdyk biz”. (Aýgül Garaýewanyň terjimesinden, kitapçy-ru. 28.12.2023 ý.) Eýdip-beýdip eden terjimäň okap, Düşünmedik, walla, eýdip-beýdibem. Heý, beýle-de şeýle bormy, jan dogan, Zordan okap, klassykdan doýdumam. Anna okap, öz zadyny türkmençe, Beýhuş bolup ýykylardy, megerem. Klassygy maýyp etmejek bolsaň, Otlama gyz, ýüreginden şygyryň. Ýazyber sen şo-ol ýöntemje goşgulaň, Sazlaşdyryp söýýän bilen köýýäni. Birje haýyş, öz gününe goýawer, Pukaraja Ahmatowa Annany... 29.12.2023. 22.30. Allaýar ÇÜRIÝEW. Şarž: «Peterburgyñ gara duly" - Аnna Ahmatowa», Аrtur Polewoý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
