22:16 Galama ýapyşýan, ýüregim gyssa | |
|
"Iki ýara agyryp dur gursakda, Birisi ganaýar, biri bitişýär. Mydam şeýle käte şatlygym ökde, Käte üstün çykyp, gussa ýetişýär". Resul Gamzatow. Galama ýapyşýan, ýüregim gyssa, Ýöne,galam bilen egiserli däl, Kalbymy heýjana salýan bu gussa. Umydam terk edip gitmändir herhal. Köňlümiň töründen jyklaýar şatlyk, Gama batan göwne berýär teselli. Diýýän deý gamlanma, bar zat abatlyk, Sabyr et, meniň hem geljegim belli. Birdenem möwç alyp gelýärde batly, Şatlygym naýzasyn tutýar öňüne. Gussam galkan alyp, egni sowutly, Söweş edýär onuň bilen deňine. Şeýdip dowam edýär, deňe-deň söweş, Elli ýyl,kalbymyň giň meýdanynda. Ikisem jylawsyz berenoklar baş, Men bolsa alaçsyz olaň ýanynda. Parh goýanok olar saçyň çalyna, Olaryň ikisem meň bilen deň-duş. Kä gynanýan,gussaň düşen halyna, Kä şatlygma bakyp, bolýan göwnühoş. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
