00:20 "Gama batanyñy gördüm, Allaýar" | |
Allaýar, gördüm men gama batanyň, Bolup biler, bu-da durmuş ahwaly. Ýöne munda ýaşap ýöreniň üçin, Özüňi şa saýgyn her dem hyýaly. Ýadymda-ha, dagdan aşak gaýdanyň, Pyşbaga deý çykanyň hem ýadymda. Bahyllar gözüňden çenäp urdular, Allanyň ady hem bardy adyňda. Ömür bolsa barha paýawlap barýar, - Mert bol – diýdim – çünki merdiň ogly sen. Namaz diýip, barmasam-da metjide, Diýdim: - Gardaş, tutan ýoluň dogry seň! Ýaşap ýöreniňe şükür edewer, Soltanyň deminden kem däldir demiň. Alkyşla älemi, ýagty jahany, Allanyň nurundan ýasalan Şemiň. 01.06.2024. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
