15:38 Gara bulut | |
Her kim bir zady söýýär, Diýmäň geçmişi unut! Aglabersin gara bulut. Dünýäni gaplany üçin, (Menem dert dökdüm kän), ...Olam girdi dünýäme Bir ajaýyp saz bolup. Pelek yza dönýämi, Bolaýýarmy düzedip. Ol gelende ajapdy, Jan beripdi keşbime. Men özümi aýapdym, Ýüz bermändim hiç kime, Ot bermändim derdime, Şükür edip her deme... Ýalan boldy baharym, Tukatlandy tebigat. Ýeke galsam aglaýan, Kömek bermez şerigat. Soň soňlaram oýlaýan Ýaz ýagyşy ýaganda. Sesi gaty haýbatly - Ýyldyrymyň, çakanda. ...Jan berýändir ýaz gelip, Gara bulut üýşende. Ýere etdi şepagat, Sansyz damjalar şonda. Üstün örtdi gara bulut, Düşek boldy tebigat. ...Ýazdan soňam kän ýagdy Pyntyklamaz agaçlar, Gögermedi ýeke ot. ✍Amangözel Gurbanowa | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|
| |
