13:18 Indi bagtlymy sen... | |
Göwün islär uçsam diýe, pel-pelläp, (Uçmak guşa mahsus bolsa bolbersin). Arzuwlar ganatly - galyň siz belläp, "Bagtlylar bagtsyza ýol bersin." ...Näme üçin bagtymyz ganaty ýoluk, Uzak uçup bilmän düşýär topraga. Awçylara ýesir düşen bagtymyz Ýüregmizi getirip ýör goprara. Zar çekdim, zor çykdym, bagta ýetmäge, Howlukmadym, ýaşlygyma buýsandym. Gözellik Hudaýdan eçilen wagty, Taňrynyň pikirlerine uýsadym! Ýaryma duşaryn wagty gelende, Günler bilen giňär barar jahanym. Ähli göwün isleg, wysal bolanda, Rahatsyz ýaşarmy, garran mahalym. Ýaşlyk öter ýyllar geldigi saýyn, Halymy kötekläp gezermikäm men. ... Özüme tapsyzkam sorag bererin: "Ýaşaýyşdan indi bagtlymysyň sen?" ✍Amangözel GURBANOWA. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|
| |
