22:49 Ýüregim ýalñyz | |
Kämil bolmadyk ýaşlyk başymda, Jahyl körlügini görkezdi aýdyň. ...Men ýene söýgümi aklyma salyp, Özümçe içimden hiňlenýän aýdym. Sen söýersiň, belki kalbymy talap, Emma kalbymyň ogrusy bolma! Ýüregim gysanda ýalňyz ruhumy, Sussy pesleriň ýurdunda goýma! diýip näçe ýalbarsamda gidersiň, Terk edersiň köňül atly ýurdumy. Islän ýaly ýaşaýyşdan aýrylyp, "Har bolarmy?" diýe howaň ýuwdumy. Ähli zat üýtgeýär pasyllar ýaly, Öz ornuny güýze berýär tomuslar. Ýanan ýangynlaryň tomus közünde, Güýz bolup gussanyň ruhyn goýmuşlar. Geldi geçer, geçer gider ynsanlar, Adamlar ýüregime goýuň ýagşy yz. Şeýle ynsanlaryň bolmadyk çagy, Ýalbarýan ýüregmi goýuň siz ÝALŇYZ! Çünki geçmişimiz aýralyklardan, Dolup ýatyr ajap galan kükregim. ...Men ýene söýerin ertirlerimi Urmasyny dowam etse ýüregim. ✍ Amangözel GURBANOWA. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
