23:27 Kyn ekeni sensizlik | |
Dem almaga howam ýok, Kyn ekeni sensizlik. Alawlaýar gyzyl ot, Kyn ekeni sensizlik. Çagalykda aladasyz, Ýaşap ýördük, hezillik. Gelen ýaly gyş pasyl, Kyn ekeni sensizlik Ýagyş ýagsa damja-da, Hezil edip ezildik. Gezek geldi göz damja, Kyn ekeni sensizlik. Pirmiňe düşmezden, Ýar keşbinden çekildik. Gyş güni deý üşmezden, Kyn ekeni sensizlik. Günäm boldy iň uly, Islegiňi bilmezlik. Hiç bolmajak zat diýdim... Mümkin eken sensizlik. ✍ Amangözel GURBANOWA. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
