13:08 Gaýnene | |
—A gyz, Olýa, şu gün işden gelýäkäm, Seniň gaýynyňa duş geldim ýolda. At ýaly heleý-le, seni garratman, Entek-entekler-ä ýarsjagam däl-le. —Wah, olmy? Wah, ony goýaý ýöne sen, Bir tulum ýeli bar, Bir sanaç puly. Aýaklary ýelden, saçlary kendir. Olmy? Diýmesizin diýmäýin weli, Tüýs Göroglyň atyn ogurlan kempir. —Meň gaýyn enem-ä Lukman hekimden Bir müçe ulumyş. Gözlerem batyl. Gulaklary bilen göräýjek bolýar Sokur gözleriniň görmeýän zadyn. —Seniňkä ýagşy gyz, pensiýa alýar, Gör, biziňki otyr duluňy saklap. Ne biş-düşi... Ne-de kir ýuwup bilýär — Otyr garraryňa garaşýan ýaly, Agtygyn däl, iki dyzyn gujaklap... —Käşgä saňa ýetirmese agtygyn... —Käşgä çyrpsa geýim-gejim, arlygyň, Poluň ýuwsa, kaksa keçe-kilimiň. Illeriň gaýyn-a kesel halyna Garawulam durýar edaralarda. Biziňkimi? Keýpin görüp diliniň Ýöne ýaşamaga gelen ýaly-la... ...Gaýneneler garramaýan bolarly, Gybata goşulýar öýe gelenler. Gybat urýar gara kofäň başynda, Bu gün-erte gaýyn boljak gelinler! | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
