16:21 Işle ýürek, eger ýaşasyň gelse... | |
![]() Ir garradym, özümden ir garradym, Ir sanadym saçyň-sakgalyň agyn. Hamrak saýdym dünýäň gussa gamlaryn Oýnaýjak, okaýjak, ýaşaýjak çagym. Mazmunymy aýdyp ýetişmen öýdüp, Mydama ömrüme heder syzdym men. Söýlüp-söýüp, ýigrenilip-ýigrenip Kän okalan kitap kimin tozdum men. Şeýdip tozýar ýollar: çakyr-da-çukur, Artyk bolan çagy ýoluň gatnawy. Gasyn däl, maňlaýda görünýär pikir, Ömrüň gazap bilen ýazan hatlary. Çaksyz daşyp dolaýdymmy köle men, Kanagat tapdymmy maksada ýetmän? Bilýän: siňýän güne, aýa, ýyla men — A olar bilýärmi geçmişe gitmän? Olar bilmeýärler geçmişe gitmän, Gark bolýan gämiden gözleme dalda. Eý, ölüme garşy kalpdaky pitnäm, Gal sen bu jahanda çakylyk bol-da. Tylla çägäm syzyp barýar elimden, Dalak deý ýapyşýar ünjüm böwrümden. Öýleden soň ýokdur günüň salymy, Öýleden soň salmy ýokdur ömrüň hem. Işle ýürek! Eger ýaşasyň gelse, Işleseň ýaşarsyň! Sakla ýadyňda! Bagşy gyzar gije çene ýetende, Dutar bala dönýär gijäň ýarynda... | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||