15:03 Keýik | |
Çebşejikkä getirlipdi şu öýe, Ynsandy gözüniň ilki göreni. Ýadyrgady. Tutundy soň eneke Öýüň enesini çölüň jereni. Ol ot iýdi oglanjygyň elinden, Gyzjagazyň bedresinden suw içdi. Bir gün bolsa geçip ynsan mährinden Ganynda bar çöllerine gowuşdy. Aýlar-günler geçdi. Bu jelegaýa Gaýdyp garasyny salmady keýik. Agtyklarna akyl berdi ol goja «Görseň, şahyr Nepes mamladyr» diýip. Üç ýyl geçip, ýetende üç ýaşyna Gijäň tümlügini ýuwanda säher, Ýaralanyp, ýegşerip bir ýanyna Ak çägeden oba indi janawer. Tanyş itler garşy aldylar üýrmän, Keýijek böwründen sarkdyryp ganyn, Gelip aýagyna sessiz ýykyldy Mähriban enäniň, Tanyş gojanyň. Iki öň aýagna kellesin goýup Kynlyk bilen açanynda gözüni, Balkyldaýan görejinde keýigiň Oň naýynjar hoşallygy göründi. Keýik endiredi ýel degen per dek, Bozardy ýaş-jahyl, Bozuldy garry. ...Öz öýüňe gelip, süýnüp jan bermek Haýwana, ynsana eziz bolarly. Nobatguly REJEPOW | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
