14:24 Gel, dutarym, sözleşeli! | |
"Gel, dutarym, sözleşeli! " halk aýdymyndan bir-iki setir Ah, gara tamdyram, gazma tamdyram, Bu bir sowuk ülke, gyzma, tamdyram. Gel, kirşiňi gaty çekmän düzeýin, Oňa derek öz damarym üzeýin. On ýyl ozal aýra düşüp ilimden, Seni taşlap gaýdyp bilermidim men?! Ýok, men sazanda däl, aşygy sazyň. Içiňe sygdyryp bilmän owazyň, Dymyp dursuň otagymyň töründe. Ýeriň ol ujunda gezip ýörün-le, Hyýalymda on ýyl yza ätleýän, Bile geçen ýolumyzy ýatlaýan. Wah, reňkdeş tamdyram, bir yza seret: Niçik gümrükhana, nijeme serhet Daşyňa aýlanyp, çenäp bäşatar, Barladylar seni menden bäş beter. Üýtgeşik bir ýarag hasap etdiler, Ite ysgatdylar, çyra tutdular, Mina tapýan apparada saldylar, Byçgy bilen kesip görjek boldular... Ah, gazma tamdyram, gara tamdyram, Galan ýoly bile ýöre, tamdyram. Seni ýasan Sapar Mämiň kakasy, Öňümizden Akpamygyň kökesi Tigirlenip, gidip otyr ýol ýasap. Yzda nije menzil, ýiten bir hasap. Watandan çykýan ýol müňdenem kändir, Diňe ýekeje ýol yza eltýändir... Oýna, pelek! Ýaýna, pelek! Öç, pelek! Häzirlikçe meniň sazym "Keçpelek". Şiraly NURMYRADOW | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
