17:48 Geleňsizlik hekaýaty |
GELEŇSIZLIK HEKAÝATY
Gelin agşamlyga palaw atardy.
“Köp gaýnasa et-käşiri akar” diýp,
Merjen deý tüwüni okara guýdy,
Howlukmaçlyk bilen suw guýup ýuwdy.
Ownujak daşlaryň bolmagy ahmal,
Diýip, ol tüwüni agdaryp-bakman,
Owkalap-owkalap ýuwdy üç ýola.
Diýdi: “Göze görnüp duran zat ýog-a...”
Guzydiş tüwüni gazana atdy,
Lakyrdap gaýnady, bugy-da ýetdi.
Bu eden işine begendi gelin,
Palowy saçaga äberdi gelin.
Işdämenlik bilen iýýärdi hemme,
(Diýipdirler: “Nahar siňýänçe öwme.”)
Wah, bu gelniň eden işini görüň,
Jürke döwlen azy dişini görüň.
...Geleňsizlik, perwaýsyzlyk diş döwer,
Bir iş bitse, on esse köp iş berer.
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 554 |
Добавил: Azady
| Теги:
| Рейтинг: 4.5/4 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|

0
Zenanlara, esasanam, ýaşlara sapak alarlyk manyly goşgy eken...
|
|
|
|