18:08 Gerodot | |
Amazonkalylaryñ leşgerin gören, Oguz han ýurdunyñ esgerin gören. Magrup diýmän, Maşryk diýmän, Ýakyn-alys ýollar söken Gerodot, Paý-pyýada çöller söken Gerodot, Sarmatlar, skifler, ahamenidleñ, Dünýäñ ýaşytdaşy gadymy hindileñ... Ýazyp taryhynu taryha girdi. Taryhyñ gatyna siñdi Gerodot, Ýañadan jahana indi Gerodot. Uçmahyñ atlary diýip at alan Gözel Nusaý atlaruna atlanan Göçüp serden Gerodot, Batyr, merdem Gerodot. Ýagşylygyñ nusgasy, Ölmez ýitmezligiñ baky nusgasy Gepiñ gysgasy. Niçe heññamlar ötüpdir, Deñizleri gara çäge örtüpdir. Daglar mäjum bolup, Ýumrulypdyr şäherler. Emma Gerodotyñ ady ýaşaýar. Ýewropaly Gerodot, Aziýaly Gerodot. Müñýyllykdan müñýyllyga aşyp ýör, Añymyzda, alnymyzda ýaşap ýör. Gerodot, beýik Gerodot. Gördüm onuñ aýak yzyn Nusaýda, Manamanda, Hasarda. Ýok diýip bilmez Hasar-da... Gerodot ~ bakylygyñ nusgasy, Gepiñ gysgasy. 23.12.2002 ý. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
