10:33 Goşgy | |
Hamana dünýäde az bolan ýaly Galamymyň ujyn gyran günlerim, Ölemde-de mertlik galamyn küýsäp, Mazarymda açyk galar gözlerim. Men ejiz däl, çünki meniň ömrümde Poeziýa - enem deýin diregim. Bilim guşap her bir ýalan öwrümde, Galam bilen ganly urşa girerin. Simap ýaly bir-birinden gaçyşyp Pytran pikirlermi agtaryp ýörün. Men ýüpe däl - hakykata ýapyşyp, Bir gün ejizligiň gazaryn görün. Ýakamdan tutanda durmuş sowaly Güýjüm asgyn diýip etmerin wehim. Daş bolsam-da garşymdaky dag ýaly Ýalan üçin birehim men - birehim. Nyşanasyz aran maňa-da iler, Iň soňky nokadyn goýanda ömrüm. Men bolmaryn... emma size güýç berer Galamymyň ujun gyran günlerim. 22.02.2019 | |
|
| |
