21:45 Göwün ýüwürtme | |
|
Men bir şemal bolsadym, Saçlaryň oýnar ýaly. Ýa bir mukam bolsadym, Bir salym güýmär ýaly. Bolsadym agaň ogly, Basar ýaly bagryňa. Monjuk bolsam has gowy, Asar ýaly boýnuňa. Ýa bir galam bolsadym, Ýüregňi okar ýaly. Çalt-çaldan gatnaryňa Bolsadym dükan ýoly. Ýa ädigiň bolsadym... Ýok men onsuzam ädik. Aldyň aýak astyna, Halas bolaryn nädip?! | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
