07:33 Gözeller şasy | |
Ýanar otda ýanar men, Bir gün seni görmesem. Aýyrmasyn ykbalym Saňa boýun burmadan. Hiç kese boýun synman Az görmedim jepany. Indem boýun buramsoň, Rowa görmez sapany. Şa öňünde epilmek Raýatyna aýyp däl. Sen gözeli özümiň Ýalňyz şahym saýyp men. Janym alsaň berermen, Sen deý mahy-tabana. Jan algyçdyr gözleriň, Geldim aý, gyz amana. Seniň ýaly barmy, heý, Şeýle ajap ýasalan. Ykbalym ykbalyňa Müdimilik ýazylan. Göz öňümde jemalyň Çykaňok hiç huşumdan. Sensiň diýip çaklaýan, Geçse biri duşumdan. Tapylmaz seniň taýyň, Meni bagtly eden gyz. Göterdiň ykbalymy Täji-tagtly eden gyz. 18-19.04.2000. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
