16:06 Akro goşgy | |
(Gurbannazar Ezizowa) Gör, bu durmuş neneň halda geçip dur, Urna-urna bolup, hataryn üzmän. Rahat çagy öz nuruny seçip dur, Beter gaharly-ka dur nurun dözmän. Açmak üçin dünýäň gamly perdesin Niçe kuwwat gerek, niçe güýç gerek?! Naýza, gylyç - güýji bolsa herkesiň, Ah, şahyra ýetikdir-le päk ýürek! Zemin üçin öz güýjüni gaýgyrman, Agyr kynçylyga özün idipdir. Rahatlykdan hiç birini aýyrman, Eýsem özi bu dünýeden gidipdir. Zar ekeni zemin mähriňe seniň. Iňrik garalanda nuryny saçyp, Zemin çüwmegine şeýle islegiň Ogrynlykda mydam durýar garaşyp. Wah, bilsem-de dolanmajagňy ahyr, Alnyňda dyzyma çökýärin, şahyr! *** Zemin aýlanyp dur, oňatlyk örän, Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok. Dünýäň her gülünde sen bizi görýäň, Emma seni şol güllerden tapamok! Maksat SEÝITLIÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
