19:51 Gynanç | |
|
Gamgyn gözleň bilen bakmagyn maňa, Ýüregiňem gyýylmasyn hiç sapar. Sen bagtyňa basymrajyk gowuşsaň, Meň bagtymam senden ir däl, giç tapar. Meňzeşiňi tapjagymam gümanly, Arzysydyň ähli dörän gülleriň. Alanyňy duýmandyryn gideňde - Şatlygyny, şowhunyny günleriň. Gözlemedim özgelerden sapany, Wepany-da tapmadygma gynanman. Begenipler toý tutjagmam belli däl, Höwürdeşim, ýalňyzlykdan dynanma. Toprak üçin mydam gowsy bolýar-a, Ýagýan ýagyş siňňitli hem giç diňse Emma sen, asla gözýaşyň dökmegin, Diňe sen däl, gyýylmasyn hiç kimse! Ylham GURBANALYÝEW. 2022.09 | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
