21:36 Hat gatnadýan kepderi | |
|
Eşidipdim köne ertekilerde, Dyrnak bilen dagy-daşy ýumuran, Dişi bilen gyzgyn demri gemiren, Pälwanlara meniň akylym haýran. Ýöne weli hat gatnadýan kepderi, Maňa has eziz. Kepderiler gatnadypdyr hatlary, Ýakyn edip ýatlary, Dönüp ýellere, Ilden – illere. “Ýatla meni, eger ýüregiň gyssa...” Diýen sözi gulagymda ýaňlandy. Gönderdim men goja ýaşda salamym. Kepderi boş geldi, gözünde gussa. Unudypdyr o gyz meni, ähtimal, O sözleri äkidenmiş, Özi bilen ýel, şemal. Barybir ol näzenin, Göz öňümde elmydam... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
