16:58 "Humarala" | |
|
Mylly aga Asmanda enaýy täze Gün dogýar, Aý şöhlesi ýuwaş-ýuwaş göçedir. Baglarda eşdilýär bilbil owazy, Dag şemaly ýüzüň ýelpäp geçedir. Ýagtylyk nur saçýar tümlügi böwsüp, Göwünler şat çözen ýaly mataly. Zemin ýene täze lybas geýinýär, Aýyl-saýyl gara daglaň hatary. Şer ýok. Haýyr - göwünleriň töründe, Gözellik bar – bakylygyň mukamy. Älhepus, ne şirin dünýäň owazy, Ne şirin, ne şirin? Tutdum ýakamy... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
