11:06 Içýan ýaly sen, gardaşym | |
Içýan ýaly sen, gardaşym, gorkak bir tümlük içindäki içýan ýaly. Serçe ýaly sen, gardaşym, aljyraňňy serçe kimin. Midiýa ýaly sen, gardaşym, ýapyk gapak içinde, rahat. Sönen wulkan agzy kimin elhenç sen, gardaşym. Bir däl, ________ bäş däl, ________________ ýüz millionlaryň birisi sen, eýwah… Goýun kimin sen, gardaşym, egni possunly gassap galgadanda taýagyn derrew goşulyp gidýäň sürä hem ylgaýaň buýsanç bile, damak çalynjak ýere. Dünýäniň iň geň ýaradylany sen, boluşyň geň, derýa içre ýaşap, ________ derýadan bihabar balykdan beter. Şeýle-de bu dünýäde, bu zulum ________________ seniň saýaňda. Aç-suwsuz, ýadaw we gyrmyzy gan içinde bolsak eger hem henizem bu şerap üçin, üzüm deý ezilýän bolsak ________ günä sende ________________ — diýmäge dilimem baranok, emma ________ günäniň köpüsi sende, eziz gardaşym! 1947 ý. Nazym HIKMET. Terjime: Mango | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||
