19:40 Ispan ogluna hüwdi | |
|
(Ispan çagalary hakyndaky goşgulardan) Gije gezýär daşarda, Uky gelsin gözlerñe. Ysnyş maña gyşarda, Diñ sal meniñ sözlerme. Samolýotlar uçanda, Tisginme hiç haçan-da, Ganatynda ýyldyzy, Goraýandyr ol bizi. Ysnyş, beräý eliñi, Aýlanaýyn adyñdan. Hem-de ispan eneñi Çykarmagyn ýadyñdan. Eneñ ýene bu gije Girer uly hüjüme. Dynçlyk getir señ üçin Ispaniýañ bar künjüne. Onsoñ azat iliñe, Ýene gaýdyp bararsyñ. Eneñ ýyljak gujagna, Şatlyk bilen girersiñ. Meni - sowet eneñi, Salgyn şonda ýadyña. Hem-de uzyndan-uzyn Hat ýollagyn adyma. 1937 ý. Olga BERGGOLS, Leningrad. Rusçadan terjime eden: Azat RAHMANOW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
