12:38 Jadyly duýgy | |
Hüýr-melekler geldiler, Jadyly duýgym bilen. Ylham bolup indiler, Şygyrdyr erkim alan. Saz çalyp, aýdym aýdyp, Gökden salam ýolladym. Ylham şasyna dönüp, Gül içinde gülledim. Hyýallarym uçup ýör, Agaçlar bakdy derläp. Başagaý men duýmadym, Ýene sen hakda gürläp. Sen hakdaky goşgular, Ýazylypdy ýürege. Ýeke setirim dönsün, Gerek bolsa kürege! Oguljennet NAZAROWA, Daşoguz welaýatynyñ Akdepe etrabynyñ 20-nji orta mekdebiniñ mugallymy. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
