03:32 Kakama | |
Perzentleri üçin mydam janserek, Öýümiziñ täji, tugusyñ, kakam! Dünýäde ýagşylar köp bolsa gerek, Ýöne sen hemmeden gowusyñ, kakam! Mähir berip, gujagyñda göterdiñ, Arkalañda ýyldyza yol ýetirdim. Käte söýüp, saçlarymy sypalap, Çagalykdan arzuwlarma ýetirdiñ. Saýrak guşly, gül-gunçaly bagym sen, Azaşanda dogry ýola atarýan. Söýenenim, belent başly bagym sen, Gama batsam, gamly göwnüm göterýän. Ömür geçip barýar, ýyllar dolanmaz, Gaýdasym gelmeýär hiç gujagyñdan. Aýlanaýyn bize söýgüsi siñen, Bagtdan doly mähirli ojagyñdan. Mähriñi çalyşman älem-jahana, Bahasy ýok deñsiz-taýsyz kyblam sen. Saçlaryma ak girse-de çaga deý, Kalby täze mährem eziz balañ men. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
