16:44 Kakasy aýatda, çagasy ýetim... | |
Uly bolmasa-da ýaşan howlymyz, Çagajyklar oýnaşyp ýör hezl edip. Gyş günleri olar pejiň başynda, Ýazda oýnaýarlar ýagşa ezilip. “Gülnar, Gülşat, Myrat...” atlaryn tutup, Ejeler çagyrýar çagalaryny. Bu ahwaly synlap duran bir goja Diýdi: “Eşitmäli agylaryny!” Ýaz ýagşyndan gorasa-da ejeler, Gorap bilmediler olar bir zatda. “Kaka!” sesi eşdilmeýär öýlerde, Olar aýry öýde, haýp, aýatda. Çagaka mähirden jyda düşeniň, Diňläp görüpmidiň ýürek zaryny? Näme diýip biler eje görgüli, Eje saklap otyr namart törüni. Biwepa atanyň ýetim çagasy, Diýdim: “Bu-da durmuşyň bir kanuny”. Howlymyzda oýnaşyp ýör çagalar, Ýetim olar. Niçik zabun sen pany?!. 19-24.05.2024. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
